Russiýanyň Ukrainanyň demirgazygyndaky Priluki şäherine amala aşyran howa zarbasy netijesinde azyndan bäş adam, şol sanda bir maşgalanyň üç nesli wepat boldy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu ganly hüjümden soň halkara jemgyýetçiligini ok atyşyklary bes etmek üçin Moskwa “bar bolan ähli serişdeler bilen” basyş görkezmäge gaýtadan çagyrdy.
Resmileriň maglumatyna görä, 5-nji iýunda ir bilen alty sany dron Priluki şäheriniň ýaşaýyş toplumyna zarba urupdyr. Hüjüm mahalynda bir eje, onuň bir ýaşly ogly we çagaň enesi wepat boldy. Çagaň kakasy şol wagt başga bir zarba düşen ýerde halas ediş işlerine gatnaşýan eken.
“Russiýa adamlary öldürmegini dowam etdirmek üçin hemişe wagt utmaga synanyşýar. Dünýä jemgyýetçiliginden ýeterlik derejede berk ýazgarmany we basyşy duýmadyk mahaly, ol öldürmegini ýene dowam etdirýär” diýip, Zelenski sosial ulgamda galdyran ýazgysynda belledi. Ol Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewralynda başladan giň gerimli çozuşyndan bäri Ukrainada 632 çaganyň öldürilendigini aýtdy.
“Biz ABŞ-dan, Ýewropadan we bu aýylganç ýagdaýlary üýtgetmäge hakyky kömek edip biljek dünýäniň beýleki ýurtlaryndan anyk çäreleri garaşýarys. Güýç möhüm, we uruş diňe güýç bilen gutaryp biler. Moskwa ähli bar bolan serişdeler bilen basyş astyna alynmaly we onuň agressiýasyny dowam etdirmek ukyby kem-kemden ýok edilmelidir” diýip, Zelenski nygtady.
Bu hüjümler Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň telefon arkaly gepleşiginden soň amala aşyryldy. Putin şol gürrüňde Ukrainanyň dynç günleri rus harby nyşanalaryna we demir ýol infrastrukturasyna garşy amala aşyran dron hüjümine jogap berjekdigini “örän berk görnüşde” duýdurypdyr.
Trampyň aýtmagyna görä, gepleşik 75 minut dowam edip, onda Ukrainanyň 1-nji iýunda Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (SBU) tarapyndan amala aşyran garaşylmadyk dron hüjümi hem ara alnyp maslahatlaşylypdyr.
“Biz Ukrainanyň Russiýanyň bazalarynda ýerleşýän uçarlaryna garşy amala aşyran hüjümini we iki tarapdan hem dowam edýän dürli hüjümleri maslahatlaşdyk” diýip, Tramp aýtdy.
“Putin aeroportlara edilen soňky hüjüme berk jogap bermeli boljakdygyny aýtdy” diýip, Tramp belledi.
Tramp 2024-nji ýylyň noýabrynda geçirilen saýlawlarda Ak tama täzeden saýlanandan soň, Ukrainada ok atyşyklaryň bes edilmegini daşary syýasatynyň esasy maksady hökmünde yglan etdi, we bu baradaky ylalaşygy gazanmak ugrunda taraplara basyşyny dowam etdirýär.
2-nji iýunda Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleri Stambulda soňky üç ýyldan gowrak wagtda ikinji gezek göni gepleşik geçirdiler, emma gepleşikleriň netijesinde parahatçylyk prosesinde öňegidişlik bolmady.
Günbatar ýurtlarynyň liderleri we köp harby bilermenler Putiniň parahatçylyk ylalaşygyny gazanmak ugrunda çynlakaý hereket etmeýändigini, onuň gepleşikleri yza çekmek arkaly ABŞ-nyň sanksiýalaryndan gaça durýandygyny we söweş meýdanynda artykmaçlyk gazanmagy maksat edinýändigini aýdýarlar.
Forum