Russiýa 6-njy iýuna geçilýän gije, ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Ukrainanyň ençeme sebitine iň iri gerimli howa hüjümleriniň birini amala aşyrdy. Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, rus goşuny ýurduň 10-dan gowrak sebitine dronlar, ganatly we ballistik raketalar bilen zarba urdy.
Ballistik raketalar Russiýanyň Kursk, Belgorod we Woronež sebitlerinden atyldy. Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň metbugat wekili Ýuriý Ignatyň aýtmagyna görä, öten agşamyň dowamynda Ukraina garşy jemi 407 sany dron we 44 raketa (şolardan altysy ballistik, 38-i ganatly) atylypdyr. Onuň sözlerine görä, 30 raketa we iki ýüz töweregi dron urlup ýok edildi.
Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko hüjümiň netijesinde 4 adamyň ölendigini habar berdi. Mundan başga-da, azyndan 20 adam ýaralandy, olaryň 16-sy hassahana ýerleşdirildi.