Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply pensionerlere pensiýa haklary ýene-de wagtynda berilmedi


Türkmenistanly ýaşulular ujypsyz pensiýa haklarynyň hasaplaryna geçip-geçmändigini aýyň başynda pul almaga baranlarynda bilip galýarlar.
Türkmenistanly ýaşulular ujypsyz pensiýa haklarynyň hasaplaryna geçip-geçmändigini aýyň başynda pul almaga baranlarynda bilip galýarlar.

Lebaply pensionerler pensiýa pullarynyň şu aýda ýene-de gijikdirilendigini bilip galdylar. Gündogar sebitinde ýaşaýan pensionerler iki aýdan bäri pensiýa pullaryny wagtynda alyp bilmän kösenýärler.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan pensionerleriň sözlerine görä, olaryň hasaplaryna döwlet tarapyndan geçirilýän pul maýda aýyndan bäri gijikdirilip gelýär.

"Welaýatyň ähli etraplarynda 2025-nji ýyldan bäri pensiýalar her aýyň başynda, ýagny 1-2-si aralygynda wagtynda berilýärdi. Ýöne maý aýynda men pensiýamy diňe 13-nde aldym. Indi iýun aýy boldy, entegem pensiýam geçmedi" diýip, türkmenabatly pensioner ýagdaýy nägilelik bilen beýan etdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan pensionerler Türkmenabatda we welaýatyň dürli etraplarynda ýaşaýarlar.

Dänew etrabyndan pensioner geçen aýda pensiýasynyň maýyň ikinji ýarymynda gelendigini gürrüň berdi.

"Maý aýynda pensiýam gijikdi, diňe 19-nda alyp bildim" diýip ýaşuly aýtdy.

Ahal we Mary welaýatlaryndaky çeşmeler öz ýaşaýan ýerlerinde ýaşulularyň pensiýasynyň gijikdirilmegi bilen bagly ýagdaýyň bolmandygyny aýdýarlar.

Mary welaýatynda ýaşaýan pensioner şeýle gürrüň berýär: "Meniň agam Lebapda ýaşaýar. Ol maý aýynyň 4-nde jaň edip, pensiýasynyň heniz bank kartyna geçirilmändigini aýtdy. Emma men Maryda ýaşaýaryn we eýýäm maýyň 1-nde pensiýamy aldym" diýip, maryly ýaşuly gürrüň berdi.

Lebaply pensionerler iýun aýynyň 6-9 aralygynda bellenýän Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýüze çykýan bu kynçylygyň baýramçylygy kadaly bellemäge päsgelçilik bolandygyny belleýärler.

"Iýun aýynda-da pensiýa gijikse, baýramy nädip belläris? Onsuzam baýramçylyk günlerinde bazarda harytlar hasam gymmatlaýar" diýip, türkmenabatly pensioner aýtdy.

Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan käbir pensionerleri aladalandyrýan ýene bir mesele olaryň daşary ýurda gidýän halatynda pensiýasynyň tölenmeginiň wagtlaýyn togtadylmagyna degişli.

Türkmenabat şäherinde ýaşaýan bir pensioner şeýle gürrüň berýär: "2025-nji ýyldan başlap, daşary ýurda gitjek bolýan pensioner hökmany ýagdaýda pensiýa edarasyna baryp, haýsy ýurda we näme üçin gidýändigini hem-de haçan dolanjakdygyny beýan etmeli. Şonuň ýaly-da, daşary ýurtdakaň pensiýa bank kartyňa geçmeýär diýýärler" diýip, daşary ýurda syýahata gidip gelmegi planlaşdyrýan pensioner ýerli resmileriň özüne aýdanlaryny gürrüň berdi.

Türkmenabatly pensionerler daşary ýurda giden halatynda pensiýasynyň wagtlaýyn togtadyljagyny özlerine aýdan resmilerden munuň sebäbini soranlarynda şeýle jogap alypdyr: "Pensiýa edarasynyň işgärleri pensiýanyň diňe eýesi tarapyndan ulanylmalydygyny düşündirýärler. Beýle manysyz düzgünlere hiç kim düşünip bilenok" diýip, pensioner aýdýar.

Türkmenabadyň sosial üpjünçilik edaralaryndan resmi görnüşde kommentariý almak Azatlyk Radiosyna başartmady. Emma şäheriň häkimiýet edaralarynyň birindäki çeşme anonimlik şertinde bu maglumatlary Azatlyga tassyklady.

Türkmenistanda pensiýalaryň möçberi şu ýylyň başynda 10% ýokarlandy, emma ýaşulular ellerine alan pulunyň örän ujypsyz galýandygyny we durmuş harajatlaryna ýetmeýändigini aýdýarlar.

Türkmen mediasyna görä, ýurtda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, pensiýanyň iň pes mukdaryny kesgitlemek üçin 550 manat, resmi kurs boýunça 157 amerikan dollary möçberdäki sanlar ulanylýar.

Emma iş ýüzünde resmi taýdan minimal diýlip kesgitlenen pensiýanyň hatda bu ujypsyz mukdaryny alyp bilmeýän pensionerleriň sany örän köp. Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanly pensionerleriň käbiri pensiýasynyň aýda 220 manatdan geçmeýändigini gürrüň berdiler. Bu resmi kurs boýunça 62,8 amerikan dollaryndan, gara bazaryň kursy boýunça 11 dollardan geçmeýär. Nebit-gaza baý ýurduň öz ýaşulularyna berýän pensiýasy hatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arsynda iň pes bolmagyna galýar.

Lebapda pensiýa haklarynyň gijikdirilmeginiň sebäbi türkmen resmileri tarapyndan şu gezek hem düşündirilmedi. Döwlet mediasy ýurtda yzly-yzyna geçirilýän köpçülikleýin çärelere gatnaşdyrylýan we halkyň adyndan prezidente alkyş aýdýan bezemen ýaşululary görkezýär, emma ilatyň gartaşan gatlagynyň durmuş problemalaryny 30 ýyla golaý wagt bäri düýpden gozgaman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG