Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Trampa Ukrainanyň rus howa bazalaryna eden dron hüjümi üçin “berk” gaýtawul berjekdigini duýdurdy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 2017-nji ýyl
Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, 2017-nji ýyl

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus kärdeşi Wladimir Putiniň özüne Ukrainanyň hepde ahyrynda Russiýanyň sebitlerine eden dron hüjümi üçin “örän berk gaýtawul” bermek niýetini duýdurandygyny aýtdy. Gürrüňi edilýän pilotsyz uçar hüjüminde Russiýanyň uzak aralyga uçýan bombalaýjy uçarlarynyň onlarçasyna zarba uruldy.

Tramp “Truth Social” platformasynda ýerleşdiren ýazgysynda Putin bilen eden soňky telefon gürrüňni “gowy söhbetdeşlik” diýip häsiýetlendirdi, emma muňa garamazdan, munuň derhal parahatçylyga alyp barjak gepleşik bolmandygyny belledi.

Trampyň sözlerine görä, söhbetdeşlik 75 minut dowam etdi we Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň (SBU) 1-nji iýunda duýdansyz ýagdaýda eden pilotsyz uçar hüjümi hem ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

"Biz Russiýanyň uçar bazalarynda duran uçarlaryna Ukraina tarapyndan edilen hüjümi we iki tarapyň amala aşyrýan beýleki dürli hüjümlerini hem ara alyp maslahatlaşdyk" diýip, Tramp aýtdy.

"Putin ýakynda howa meýdançalaryna edilen hüjüm üçin özüniň örän berk gaýtawul bermeli boljakdygyny aýtdy we muny berk nygtady” diýip, Tramp sözüniň üstüni ýetirdi.

SBU, Ukrainanyň howpsuzlyk gullugy bu hüjümde 40-dan gowrak bombaçynyň urlandygyny öňe sürdi. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski rus bombaçylaryna urlan zarbany "dolulygyna ajaýyp" diýip häsiýetlendirdi we bu operasiýanyň taýýarlanmagy üçin 18 aýdan gowrak wagtyň gerek bolandygyny aýtdy.

Wideo we emeli hemra suratlaryny seljermek bilen, Azatlyk Radiosy azyndan 11 sany strategiki bombaçynyň ýok edilendigini özbaşdak ýagdaýda tassyklamagy başardy.

Kremliň daşary syýasat boýunça kömekçisi Ýuri Uşakowyň iki lideriň arasynda geçirilen telefon gürrüňinden soň döwlet eýeçiligindäki TASS habar gullugyna aýtmagyna görä, Tramp Putine Ukrainanyň öz pilotsyz uçar hüjüm meýilnamasy barada ABŞ-ny öňünden habardar etmändigini aýtdy.

Russiýa bu hüjüme gaýtawul bermekçimi diýlip soralanda, Uşakow "bu mesele ara alnyp maslahatlaşyldy" diýdi, ýöne başga jikme-jiklikleri açmady.

Howpsuzlyk syýasaty boýunça garaşsyz bilermen Robert Pşel (Pszczel) Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna Russiýanyň Ukraina garşy has köp hüjüm etjekdigine şübhelenmeýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Pşel Ukrainanyň raýat we energiýa infrastrukturasyna mundan öň edilen hüjümlerden soň, Russiýanyň indi nähili täze wagşylyk derejesine ýetip biljekdigini göz öňüne getirmegiň kyndygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de, Uşakow Putiniň 2-nji iýunda Stambulda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçirilen göni gepleşikleriň ikinji tapgyry barada gysgaça maglumat berendigini aýtdy. Bu gepleşikler pilotsyz uçar hüjüminden bir gün soň geçirildi. Ol Putiniň gepleşikleri "peýdaly" diýip atlandyrandygyny we olaryň dowam etdirilmegine umyt bildirendigini hem sözüne goşdy.

Putin biraz öň geçiren hökümet mejlisinde Zelenskiniň dowamly ýaraşyk we potensial liderler sammiti baradaky tekliplerini hakykatda ret etdi.

Putin Kiýewi hepde aýagynda serhetýaka sebitlerdäki köprülere garşy guralan heläkçilikli "terrorçylyk hüjümlerini" utgaşdyrmakda aýyplady. Uşakowyň aýtmagyna görä, bu hem Tramp bilen edilen telefon gürrüňinde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

"Kiýew režimine parahatçylyk düýpden gerek däl. O taýda näme hakynda gürleşmeli?" diýip, Putin söhbetdeşlikde aýtdy.

Zelenskiniň diwanynyň başlygy Andriý Ýermak Birleşen Ştatlara eden sapary wagtynda Putiniň aýdan sözlerine jogap berip, Ukrainanyň öz strategiki bombaçylaryny bir wagt, howpsuzlyk kepillikleriniň deregine, Russiýa berendigini belledi.

"Indi Ukraina Russiýanyň strategiki awiasiýasynyň bir bölegine "ar alyş çäresi" hökmünde zarba urdy” diýip, Ýermak aýtdy.

Zelenski biraz öň bu hüjümiň atyşygy bes etmek barada ylalaşyk baglaşylan ýagdaýynda asla bolmajakdygyny belledi.

Ýermak Birleşen Ştatlarda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio we ABŞ Kongresiniň agzalary bilen duşuşdy. Ol geçirilen gepleşiklerden soň ABŞ sanksiýalarynyň täze bukjasynyň taýýarlanylmagyna çagyrdy we basyş görkezmegiň Russiýanyň hereketlerine täsir etmek üçin ýeke-täk gural bolup galýandygyny nygtady.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň Kiýewdäki ilçihanasy amerikan raýatlaryna "düýpli howa hüjümleri" howpy barada duýduryş berdi we olary seresap bolmaga çagyrdy.

Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Dnipropetrowsk sebitiniň gubernatory Serhiý Lysak Russiýanyň Nikopol şäherine eden pilotsyz uçar hüjüminde bir aýalyň ölendigini, bäş adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

"Ol 45 ýaşyndady. Lukmanlar iň ahyrky pursadyna çenli onuň jany üçin göreşdiler, ýöne onuň ýaralary gaty agyr eken" diýip, Lysak telegramda pida bolan zenan barada ýazan habarynda aýtdy.

Ukrain häkimiýetleriniň maglumatyna görä, Zaporižýa sebitindäki Marhanetse edilen FPV dron hüjümi netijesinde 54 adam ýaralandy. Olaryň arasynda 83 ýaşly bir aýal hem bar.


Forum

XS
SM
MD
LG