Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda howa gyzýar, çagalary öýden çykarmazlyk maslahat berilýär, daşarda işleýänler kösenýär


Köçelerde adamlar kölege gözlemeli bolýar. Türkmenistan
Köçelerde adamlar kölege gözlemeli bolýar. Türkmenistan

Türkmenistanda howanyň gyzgyny gitdigiçe ýokarlanýar. Günüň başynda irki sagatlarda eýýäm örän yssy bolýar. Howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy adamlaryň gündeki durmuşyna we işine täsir edýär.

Howanyň barha gyzýandygy soňky günlerde hasam duýulýar diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri 4-nji iýunda gürrüň berdiler.

"Eýýäm irden sagat ýedide howa gyzyp başlaýar. Çagalary sagat 8-den soňra öýden çykarmazlyk maslahat berilyär" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Howa maglumatlarynda ýurduň giňişliginde temperaturanyň düýn we şu gün 33 we 38 gradus aralygynda diýlip görkezilýär. Emma habarçylaryň we çeşmeleriň sözlerine görä, howa 38 gradusdan has yssy duýulýar.

"Bu tomsuň jokrama yssy howasy adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Yssa çydaman özünden gidýän adamlar hem bar, ýalyn urup hassahana düşýänler hem bar. Çagalar baglarynda kondisioner bolmadyk gruppalarda çagalar derleýär, şol sebäpden çagalaryň eşikleriniň ählisini çykarýarlar" diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Ýaşaýyş jaýlarda hem şu günler sowadyjylary ulanmak kyn bolýar. Elektrik simleri kondisionerleriň güýjüni götermeýär.

"Has hem oba ýerlerinde adamlaryň kondisionerleri işläp bilmeýär. Oba ýerleriniň tok simleri agrama çydaman toguň birnäçe sagatlap öçýän mahaly kän bolýar. Tok bir öçse soň wagtynda işledilmeýär" diýip, ýaşaýjy aýdýar.

Günorta welaýatlaryň ýaşaýjylary yssy howada işlemäge öwrenişen adamlaryň hem şu günler ir sagat 10-dan soň daşarda işlemekde kynçylyk çekýändigini aýdýarlar.

"Howa gyzgyn, meýdanlarda işleýän adamlar üçin ir sagat 10-lardan soňra işlemek gaty kyn bolýar. Potrat meýdanlaryna ýa-da gurluşyk ýerlerine işlemäge gidýän adamlaryň ýanlary bilen alyp gidýän suwlary gyzyp, içer ýaly bolmaýar. Buzly suw alyp gaýtsak hem tiz wagtyň dowamynda ol gyzgyn suwa owrülýär" diýip, çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Gurluşyk pudagynda işleýän işçiler ýalynly howada işlemekden başga çykalgasynyň ýokdugyny aýdýarlar. Gurluşykda gündelik gara işde zähmet çekýän gurluşykçy gününe 40-50 manat gazanç edýändigini we işlemese bu puldan galjakdygyny gürrüň berdi.

Oba hojalygynda işleýän türkmenistanlylar bolsa, yssy howanyň ekinlerini guradandygyny aýdýarlar.

"Potrat meýdanlarda ekilen pagta suwsuzlykdan guraýarlar. Çöllerde hiç hili ot ýok, bolanja otlar ýalyna guraýar. Bu ýyl hem gurakçylyk, ýazda ýagyn ýagmady" diýip, oba ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýene bir daýhan häzirki yssynyň onsuz hem agyr önümçilik şertlerine goşant goşandygyny aýtdy.

"Eýýäm aprel aýynyň ahyrynda howa aşa gyzyp başlandygy bildirildi. Ekin meýdanlarynda ekilen önümler gyzgyna çydaman guraýar. Ýaplar suwsuz" diýip, daýhan oba ýerleriniň ýaplaryna aýda iki sapar suwuň goýberilýändigini belledi.

Adatça oba ýaşaýjylary ýaplara suw goýberilende gijesi bilen öz nobatlaryna garaşyp, melleklerini suwarýarlar.

"Suw gelen wagty ýaşaýjylar ekinlerini suwarmak üçin nobat belläp, melleklerini suwarýarlar. Ýaplarda bir gün ýa-da iki gün suw akdyrylýar we şol wagt mellekleri suwaryp ýetişmeli bolýar" diýip, daýhan aýdýar.

Soňky ýyllarda dünýä ýüzünde howanyň temperaturasy barha ýokarlanýar.

2024-nji ýyl howanyň 175 ýyllyk gözegçilik taryhynda iň yssy ýyl hasaplandy. Ýewropanyň "Copernicus" howa merkeziniň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň ýylylyk derejesi ilkinji gezek 1,5 °C derejesinden geçipdir, alymlar muny töwekgelçilikli hasaplaýarlar.

Alymlar indi 2025-nji ýylyň iň yssy ýyllaryň biri bolup biljegini çaklaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG