Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Paýtagtda polisiýa içerki migrantlary tutup, pagta ýekelemek işlerine ugradýar


Aşgabat. Paýtagtyň polisiýasy içerki migrantlary gözläp tapmak we olary gelen welaýatlaryna ugratmak ýa-da wagtlaýyn tussag etmek işlerini baýramçylyklaryň öňýany has-da güýçlendirýär.
Aşgabat. Paýtagtyň polisiýasy içerki migrantlary gözläp tapmak we olary gelen welaýatlaryna ugratmak ýa-da wagtlaýyn tussag etmek işlerini baýramçylyklaryň öňýany has-da güýçlendirýär.

Aşgabadyň köçelerinde soňky günlerde polisiýa tarapyndan saklanan welaýat ýaşaýjylarynyň ençemesi oba hojalyk işlerinde işledilýär. Azatlygyň paýtagtdaky habarçysynyň maglumatyna görä, polisiýanyň eline düşen içerki migrantlar mejbury ýagdaýda pagta meýdanlaryna alnyp barylýar.

"Häzirki wagtda polisiýa işgärlerine paýtagta welaýatlardan gelýän içerki migrantlary saklamak tabşyryldy. Köçelerde tutulan welaýatlylar paýtagtyň çetindäki ekin meýdanlarynda pagta ýekelemäge mejbur edilýär" diýip, ýagdaýdan habarly paýtagtly çeşme 6-njy iýunda gürrüň berdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, pagta meýdanlarynda işledilýänlere niýetlenip, gijesine ýatmak üçin konteýnerler ýerleşdirilipdir. "Olaryň içýän suwy hem kanalyň bulanyk suwy, ony gaplara doldurup goýýarlar we çägesi gabyň düýbüne çökenden soň içýärler" diýip, çeşme belledi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeler içerki migrantlaryň mugt güýji hökmünde ulanylmagy pagta meýdanlaryna ideg etmek üçin iş güýjüniň ýetmezçiligi bilen bagly diýýärler.

"Şu günler ekin meýdanlarynda ekilen pagtanyň suwsyz, şeýle-de daýhan güýji bolmazdan, gurap, saralyp gözgyny ýagdaýa düşendigini görse bolýar" diýip, oba hojalygynda işleýän çeşme aýdýar.

Onuň sözlerine görä, pagta önümçiliginiň daýhanlar üçin agyr, emma pes girdejili bolmagy kärendeçileriň bu işden el çekmegine sebäp bolýar.

Welaýatlarda daýhanlar ekin meýdanlaryna esasan pagta ekmäge mejbur edilýär. Hökümetiň ileri tutýan pagta önümçiliginde işleýän daýhanlar agyr zähmetinden ýeterlik girdeji alyp bilmän, hatda bergili galýar.

"Hökümet mejbury pagta ekdirip, daýhanlary ýadatdy, adamlaryň zähmet haky kadaly tölenmeýär. Bu ýagdaý daýhanlaryň daşary ýurtlara gazanja gitmegi saýlap almagyna getirdi. Şol sebäpden pagta meýdanlarynda ekilen pagtany ýekelemek we beýleki işleri geçirmek iş güýji tapdyrmaýar" diýip, obaly çeşme aýdýar.

Türkmen hökümeti 2024-nji ýyldan başlap pagtanyň kärendeçilerden satyn alyş nyrhyny 3,5 esse artdyrdy, emma şonda-da daýhanlar döwlete bergili galýar. Geçen güýzde pagta hasylynyň uly bölegini döwlete tabşyran daýhanlaryň ençemesi plany dolman, bergidar çykdy. Hususan-da, Balkanda olara prokuraturanyň üsti bilen basyş edildi.

Türkmenistanda pagta plany döwlet tarapyndan kesgitlenýär. Çig pagtasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurduň her ýyllyk pagta plany 1 million 250 müň tonnadan ybarat bolup, ýyllarboýy üýtgemän gelýär.

"Daýhanlaryň çekýän zähmetine laýyklykda aýlyk tölenmän, olara sarpa goýulmaýandygy sebäpli gujurly daýhanlar soňky 5-6 ýyl bäri ýurdy köpçülikleýin terk edýärler. Türkmenistanda düýpden ykdysady we syýasy reforma geçirmeýändigi sebäpli, watanyna meýletin dolanýan adam göze ilmeýär" diýip, türkmenistanly kärendeçi aýdýar.

Türkmenistanda oba hojalyk işlerine, şol sanda pagta önümçiligine mejbury iş güýji hökmünde býujetden aýlyk alýan edaralaryň işgärleri hem yzygiderli görnüşde çekilýär.

Zähmet migrantlarynyň we polisiýa tarapyndan dürli sebäplerden saklanýan raýatlaryň mejbury işlere, şol sanda oba hojalygynda pagta çürtmek, pagta ýygmak, şeýle-de ýer alma we şugundyr çöplemek ýaly işlere mejbury çekilýän halatlary soňky döwürde has-da köpeldi.

Aşgabada barýan welaýatlylar öz ýaşaýan ýerlerindäki işsizlik sebäpli paýtagtda gazanç etmek üçin mümkinçilik gözleýärler. Adatça iň agyr işlerde zähmet çekýän içerki migrantlar paýtagtda resmi hasaba durmak üçin mümkinçilik tapmaýar. Polisiýa içerki migrantlary saklan halatynda adatça olara jerime salýar, wagtlaýyn tussag astyna alýar ýa-da ýaşaýan welaýatlaryna ugradýar.

Paýtagtyň polisiýasy içerki migrantlary gözläp tapmak we olary gelen welaýatlaryna ugratmak ýa-da wagtlaýyn tussag etmek işlerini baýramçylyklaryň öňýany güýçlendirýär.

Şu ýyl 6-njy we 9-njy iýun aralygynda Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG