Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanlygy 'bileleşip bellemek' wagyz edilýär, bazara gelenleriň ýüzünden 'gar ýagýar'


Hiňňildik uçup, 'günälerini dökýän' ýaşlar. Arhiw suraty
Hiňňildik uçup, 'günälerini dökýän' ýaşlar. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy iýunda ýurduň ilatyny Gurban baýramy bilen gutlap, haj parzlaryny berjaý etmekleri üçin, türkmenistanlylaryň müňlerçesiniň Saud Arabystany patyşalygyna zyýarata iberilendigini aýtdy we ýurduň ykdysady kuwwatynyň artdyrylýandygyny öňe sürdi. Şu aralykda internetde Gurban baýramyny köpçülikleýin, bileleşip bellemek wagyzlary peýda boldy, bazarlardaky azyk harytlarynyň bahalary gymmatlap, adamlaryň mazasyny agçyrdy.

Türkmen blogerleriniň edýän wagyzlarynda adamlaryň janly satyn almak meselesinde gysylýandygy ýaňzydylýar, ýöne ýurtdaky ykdysady meseleler, işsizlik we aýlyklaryň ýagdaýy, bu kynçylyklaryň mümkin bolan çözgütleri barada gürrüň edilmeýär.

“Türkmenistanda blogerlar Gurban baýramyny köpçülikleýin janly soýup bellemegi wagyz edýärler, internet platformalary arkaly ‘Täze ýyl baýramyny giňden belleýärsiňiz, Gurban baýramynda janly satyn almaga gysylýarsyňyz’ diýip, halka ýüzlenýärler. Bu wideolar adamlara nigatiw täsir ýetirýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar öz aralarynda gürrüň edip, “Gör, baýlaryň gürrüňi biziňkiden üýtgeşik bolýar-da, ýa-da janlysy geçmeýän bir mal jellabynyň malyny satmakçy bolýandyr” diýýärler.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan bloger öz eden wagzynda diňe gowy niýetden ugur alandygyny öňe sürdi.

“...menem Gurban baýramyny bellemeli diýip wideo ýazgy çekip, TikTok sahypamda paýlaşdym, emma men ol wideomy ýurduň içindäki döwlet işgärleri üçin çekmedim, men daşary ýurtlarda zähmet çekip, hojalygyna ABŞ dollaryny ugradýanlara ‘öýüňize pul ugradyp, gurbanlyk belläň’ diýip çekdim” diýip, bloger Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Gurbanlygy 'bilelikde bellemek' birinji gezek wagyz edilýär

Synçylar garaşsyzlyk ýyllarynda Gurbanlyk barada beýle mazmundaky wagyz-nesihatlaryň edilmändigini, türkmençilikde her bir hojalygyň diýen ýaly janly alyp, gazan atarmagynyň uzak ýyllardan bäri däp, dereje bolandygyny, Gurbanlyk edip bilmeýän adamlaryň, olaryň çagalarynyň özüni oňaýsyz duýýandygyny aýdýarlar.

Bazara çykarylan goýunlar
Bazara çykarylan goýunlar

Azatlygyň bir söhbetdeşi Gurban baýramynyň soň çykan Täze ýyl baýramçylygy bilen deňelmegini geň görendigini, ilat arasynda onuň biraz başga many-mazmunynyň bardygyny belledi.

“Täze ýyl baýramynda işleýän adamlaryň iki aýlygy yzygiderli berlip, halka Täze ýyl baýramyny bellemek üçin gowy mümkinçilik döredilýär. Emma häzir bilim edaralaryna we beýleki edara-kärhanalara işgärleriň aýlyklary hem geçirilmeýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.

Adamlaryň baýramçylyk mazasyny gaçyrýan ýene bir mesele bolsa, Türkmenistanda çözülmesi kyn bolan nagt pul kynçylygy bolup görünýär.

“Şu günler plastik kartynda aýlyk haklary bolan adamlar banklara aýlanyp, plastik kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmakda uly kynçylyk çekýärler. Haýsydyr bir bankomatda pul bar bolsa, onuň öňünde uly nobatlar döreýär. Ýöne nobata duran adamlaryň hemmesine pul ýetmän, uzaga çekmän gutarýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bank işgärleriniň puly gutaran bankomatlara soň, täzeden pul salmaýandygyny, köp adamyň lapykeç bolup, ýitiren wagtyna gynanyp gidýändigini gürrüň berdi.

Gurbanlykdaky 'mejburlyk' adamlarda güman döredýär

Ilatyň ýene bir nägileligi bolsa, Türkmenistanda ‘adat bolan’ mejburlyk bilen bagly.

“Edara-kärhanalarda 50 manatdan pul çöpläp, işgärleri gurbanlyk çykdajysyna mejbur edýärler. Aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmedik işgärler edara bermeli 50 manady karz alyp, edara başlyklaryna tabşyrýarlar. Edara başlyklary gurbanlyga soýlan malyň ýetimler öýüne beriljekdigini aýdýarlar. Ýöne bu pul ýygnamagyň bir usuly diýsek-de bolýar. sebäbi goýun alynsa hem bir goýun alynýar” diýip, ýagdaýy gowy bilýän çeşme aýtdy.

Onuň sözlerine görä, ýüz adamly edarada her işgärden ýygnalýan 50 manada 2-3 mal alyp bolýar. “Ýöne bir malyň hem alynjagy belli däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Şu gün Mary sebitinden gelen habara görä, Gurban baýramynyň birinji gününden başlap, Baýramalynyň etrap bazarynda gerekli azyk önümleriniň ählisi gymmatlady.

"Serdar Berdimuhammedow saýlananda, umydymyz başgady, hiç zat üýtgemedi”

Bazardaky bakja we azyk önümleriniň bahalaryny bir gün öňki bahalar bilen deňeşdirsek, 23 manatlyk tüwi häzir 35 manat, 2 manatlyk käşir häzir 6 manat, 20 manatlyk ýag häzir 22 manat, 5 manatlyk pomidor häzir 9-10 manat, 8 manatlyk hyýar häzir 12-13 manat, 6 manatlyk sogan häzir 13-14 manat diýip, habarçymyz aýtdy.

Ol gawun, garpyz, ýeralma ýaly gök, bakja önümleriniň hem ählisiniň 2 esse gymmatlandygyny, et önümleriniň bahasynyň 10 manat ýokarlanandygyny aýdýar.

“Adamlaryň ýüzlerinden gar ýagýar, bazara azyk satyn almaga baran adamlar bu bolşy bolanok, halka bähbitli ýekeje zat görmedik, biz Serdar Berdimuhammedow prezident saýlananda ondan umydymyz başgady, halka sereder diýip umyt etdik. Emma hiç zat üýtgemedi” diýip, bazara gelen alyjy aýtdy.

Gurbanlykda dograma etmek üçin bişirilen petir çörek
Gurbanlykda dograma etmek üçin bişirilen petir çörek

Habarçylarymyz hojalyklarda taýýarlanylýan süýji nygmatlaryň hem bahalarynyň iki esse gymmatlandygyny, 50 manatlyk tortlaryň 100 manada çykandygyny, ýöne olaryň alyjysynyň ýetikdigini habar berýärler.

Aşgabatdaky habarçymyzyň şu gün beren maglumatyna görä, paýtagt bazarlaryndaky azyk harytlarynyň bahasy iň azyndan 30, 40 göterim gymmatlady.

Pomidoryň bahasy iki gün öň 9 manat bahalanan bolsa, häzir 12 manat bahalanýar. Ozal iki manatdan satylan käşir häzir 5 manat, düýp sogan 6 manat, bulgar burçy 9 manat, şugundyr 6 manat 20 teňňe, hyýar 7 manat 50 teňňe, şetdaly 25 manat, ýeralma 11 manat, alma 21 manat, banan 35 manat, ukrop (şiwit), petuşka bogdaklary 3 manat, garpyzyň kilogramy 4 manat diýip, Aşgabatdaky habarçymyz ýady.

Azatlygyň Balkan sebitindäki habarçysy maý aýynyň aýagynda ymamlaryň metjitlere barýan adamlaryň arasynda 'gurbanlyk üçin mal öldürmegiň parz däldigini' aýdyp, täze bir wagyz-nesihata başlandyklaryny habar beripdi.

Emma bu wagyz ilatyň janly almaga “gysylmagy” bilen däl-de, zaýaçylygyň öňüni almak aladalary bilen baglanyşdyrylypdy we dikilen hiňňildik agaçlarynyň ýykylmagy bilen utgaşyp, bu pikiriň häkimiýetlerden gelýändigini yşarat edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG