Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edip geleninden soň göwnüçökgünlige düşýän, ruhy peselen, tapan ýerinde spirtli içgileri içip başlaýan we ýoluny ýitirýän ýaşlar köpelýär diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Ýerli synçylar ýaşlaryň harby gullukda aç, hor bolup, ene-atalarynyň iberýän puluna örän mätäç galýandygyny, serkerdeleriň we agalyk edýän esgerleriň dürli kemsitmelerini çekip, ýurtdaky kanunçylyga, adalata we döwlet ýolbaşçylaryna bolan ynamlaryny düýpli ýitirýändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň hatarynda iki ýyl gulluk möhletlerini tamamlan esgerler, prezidentiň gol çeken permany esasynda, iýun aýynyň başyndan öýlerine dolanyp gelmäge başladylar. Adatça bolşy ýaly, harby gullugy tamamlan ýigitleriň dogan-garyndaşlary, goňşulary we tanyşlary “gözaýdyňa” gelýärler we saçak başynda esger durmuşynyň “Esger”, “Adalat” gazetlerinde, “Milli goşun” žurnalynda aýdylmaýan taraplary tasdan hiç bir senzurasyz orta dökülýär diýip, çeşme aýtdy.
Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ene-atalaryň, öňki esgerleriň tassyklamagyna görä, harby gullukda bolan ýaşlar iki ýyllap, esgerligiň başyndan aýagyna çenli hossarlarynyň yzdan iberýän kömek-goldawyna mätäç bolýarlar.
Aç bolmasyn diýseň, esgere aýda 600, 700 manat ibermeli
“Esger tä gullugyny sowup gelýänçä, gulluk borjuny berjaý edýän oglan saglygyny ýitirmez ýaly, hossarlary oňa her aýda pul geçirmeli bolýar. ...ene-atasy ogluna her aýda 600, 700 manat möçberinde pul sarp etmeli bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Diňe esgerleriň iýjek naharlary däl, eýsem arassaçylyk, öz bedenlerini tämiz saklamak zerurlyklary hem ene-atalar üçin goşmaça çykdajy bolýar.
“Esger her gün ýuwunjak bolsa, hammam alyp, arassa, tämiz gezmek üçin rotanyň ýa-da batalonyň serkerdesine her hammam üçin 10 manat tölemeli bolýar” diýip, gullugyny tamamlap gelen ýigit bu çykdajylaryň esgerleriň hossarlarynyň maşgala býujetine agram salýandygyny hem sözüne goşdy.
Azatlyk mundan öňem esgerleriň durmuşy we duş gelýän kynçylyklary, şol sanda gullukdan gaýdyp gelýän ýaş ýigitleriň gymmat taksi tutup, ene-atalary üçin döredýän goşmaça kynçylyklary barada hem habar beripdi. Gullukdan gelen oglan üçin hudaýýoly, sadaka bermek däbi taksili gelmek däbinden has öň dörän. Ýöne iki ýyllap oglunyň yzyndan pul iberen ene-atalara gullugy tamamlan ogly üçin ýene 5, 6 müň manat çykaryp, “ile meňzeş sadaka bermek gymmat düşýär” diýip, habarçy bilen gürleşen ene-atalar aýtdylar.
Azatlygyň habarçysy şeýle sadakalaryň birinde bolup, sadaka gelen myhmanlar bilen gullukdan boşap gelen esgeriň arasyndaky sorag-jogap gürrüňçiligine hem şaýat boldy.
'Häzir gulluk ýok, ...gymmatly wagtyňy ýitirýäň'
“Gulluk nähili geçdi?” diýip berilýän soraga esger “häzir gulluk ýok, iki ýylyňy boşuna geçirip, gymmatly wagtyňy ýitirýäň. Üstesine, saglygyňy ýitirmejek bolsaň, dürli-dümen iýmitlenjek bolsaň, öýdäkilerden pul sorap durmaly bolýar” diýip jogap berýär.
Onuň sözlerine görä, esger naharhanasynda berilýän kepekli ýarma, gara undan gaýnadylan makaron we gara çörek, her gün üç wagtyna iýse, esgerleriň aşgazanynda ýara döredip, “ýazwa keseli bilen kesellemegine sebäp bolýa”.
Bu ýagdaý esgerleriň käbirini harby bölümiň çäginde, harby ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän “näresmi dükanlarda” dükançy, aşpez bolup işlemäge mejbur etse, beýleki esgerleri şol dükanlardan öz pullaryna iýer ýaly azyk satyn almaga mejbur edýär, bu söwdadan girýän girdejiler polkuň we diwiziýanyň serkerdeleriniň arasynda paýlaşylýar diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran öňki esger aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý ýurt garaşsyz bolaly bäri dowam edýär.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen raýat perzentleriniň gullukda saglygyny ýitirmezligi üçin, “esger hossarlarynyň iki ýyllap çykarýan çykdajylaryna mejbury ýagdaýda boýun bolýandygyny” aýtdy.
Onuň pikiriçe, 18 ýaşyny dolduryp, göni harby gulluga alynýan oglanlaryň iki ýyllap görýän horlugy we adalatsyzlygy olara diňe fiziki taýdan däl, ruhy taýdan hem ‘agyr trawma’ bolýar.
Gullukdan soň 'ýoluny ýitirýän ýas ýigitleriň sany köpelýär'
“Esgeriň ömründen iki ýylyny boş geçirmegi, maşgala býujetine zarba urmagy bir ýana... Esger gullukdan gaýdyp geleninden soň hünärsiz, bilimsiz, işsiz adamlaryň hataryna goşulýar. Ol ýene-de ene-atasynyň hasabyna ýaşamaly bolup, göwnüçökgün hala düşýär we spirtli içgileri içip başlaýar... Şeýlelikde, gullukdan boşap gelen we ýoluny ýitirýän ýas ýigitleriň sany köpelýär” diýip, adynyň agzalmazlygyny soran ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyzyň aýry-aýrylykda gürleşen esgerleriniň aýtmaklaryna görä, gulluk şertleri hemme ýerde deň däl we Azatlyk esger reallyklarynyň bu we beýleki taraplaryna ertirki gepleşiklerinde göz aýlamagy meýilleşdirýär.
Eger-de ene-atalar, öňki esgerler, harby gullukçylar türkmen goşunynda emele gelen agyr ýagdaý barada öz bilýän zatlaryny paýlaşsalar, ýazsalar ýa-da telefon edip aýtsalar, redaksiýa olardan minnetdar bolardy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum