ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly gepleşik geçirdi. Öňünden yglan edilmedik gepleşik bir sagatdan hem köp wagt dowam etdi.
“Biz Ukrainanyň Russiýanyň harby bazalaryndaky uçarlaryna eden hüjümini we her iki tarapyň amala aşyran hüjümlerini ara alyp maslahatlaşdyk. Bu gowy gürrüň boldy, emma tiz wagtda parahatçylyga eltjek gürrüň bolmady. Prezident Putin bu zarba jogap bermelidigini nygtady” diýip, Tramp Truth Social sosial ulgamynda ýazdy.
Trampyň sözlerine görä, olar Putin bilen Eýranyň ýadro maksatnamasy barada hem pikir alyşdylar. Tramp Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmaly däldigini aýtdy. “Bu meseläniň üstünde biz ylalaşdyk diýip hasap edýärin” diýip, ol ýazdy. Putin Eýran bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşmagy teklip etdi. “Belki-de onuň kömegi bu meseläniň çalt çözülmegine ýardam berer” diýip, Tramp aýtdy.
Trampyň Putin bilen gepleşigi rus lideriniň hökümet agzalary bilen geçiren ýygnagynda Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşikleri ret edýändigini we Ukrainada şert goýmazdan ok atyşlygyň bes edilmegini kabul etmeýändigini mälim edeninden soň geçirdi. Tramp Putiniň bu beýanatlaryna teswir bermedi.