Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilon Mask bilen Donald Tramp jemgyýetçilikde biri-birini tankytladylar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ilon Mask
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp (sagda) we Ilon Mask

Milliarder Ilon Mask ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy X sosial ulgamynda berk tankytlady, bu bolsa syýasatçynyň ondan nägile bolandygyny belläp eden çykyşlaryndan soň bolup geçdi.

“Meniň kömegim bolmadyk bolsady, Tramp saýlawlarda ýeňlerdi, demokratlar Wekiller öýüni gözegçilikde saklardy, respublikançylar bolsa Senatda ýeňlerdi. Munuň özi minnetdarlyksyzlykdyr” diýip, Tesla kompaniýasynyň esaslandyryjysy Trampyň çykyşlaryna jogap hökmünde ýazdy.

Bu waka Trampyň Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Maskyň prezidentiň ykdysady maksatnamasynyň esasy maddalary boýunça kanun taslamasyna garşy çykyşyndan “örän geň galandygyny” we “nägile bolandygyny” aýdyp çykyş etmeginden soň ýüze çykdy.

“Men örän nägile, sebäbi Ilon bu kanun taslamasynyň taýýarlanylyşyndan bu ýerde oturanlaryň tas ählisinden, siziň hemmäňizden has köp habarlydy. Ol ähli zatdan habarlydy. Onuň muňa garşy hiç hili meselesi ýokdy” diýip, Tramp Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy. “Birdenkä mesele döredi, bu elektrik ulaglaryna berilýän maliýeleşdirmäniň azaldyljakdygy mälim edilenden soňra boldy”.

Mask prezidentiň bu çykyşyna X sosial ulgamynda başga bir postda jogap berip, kanun taslamanyň kabul edilmezinden ozal, onuň hiç hili tekstini görmändigini öňe sürdi. “Bu kanun taslamasy hiç wagt maňa görkezilmedi we şeýle tiz kabul edildi welin, hatda Kongressiň agzalarynyň hem köpüsi ony okamaga ýetişmedi!” diýip, Mask ýazdy.

Tramp bilen Maskyň arasynda ýüze çykan bu gapma-garşylykdan soň, milliardere degişli Tesla kompaniýasynyň aksiýalarynyň bahasy 15% pese gaçdy. Mask Trampyň saýlaw kampaniýasyna 250 million dollardan gowrak serişdeleri harçlady we onuň administrasiýasynda işledi.

XS
SM
MD
LG